Meksikada Otis tupany sebäpli 27 adam ýogaldy

Meksikada Otis tupany sebäpli 27 adam ýogaldy

Meksikanyň Howpsuzlyk ministri Roza Isela Rodriges 5-nji kategoriýa ýokarlan we "weýran ediji" bolup biljekdigi barada duýduryş berilen Otis tupany sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä 27 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Tupan sebäpli müňlerçe öýe zyýan ýetdi we elektrik toksyz galdy.

Otis tupany ýurduň günortasyndaky kenarýaka şäheri Akapulko şäherine agyr zyýan ýetirdi, ýagyşlar sebäpli täsirini artdyrdy.

Guerrero ştaty tupanyň weýran ediji täsirlerine garşy 396 sany wagtlaýyn gaçybatalganyň gurulmaga başlanandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

3 yklym çempionat
Final: Braziliýa—Peru
Braziliýa 9-njy gezek kubogyň eýesi
Meksikada 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
“Olimpiakosdan” uly hasaply ýeňiş
“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy