Meksikada terk edilen ýük ulagynyň içinde 343 immigrant tapyldy

Meksikada terk edilen ýük ulagynyň içinde 343 immigrant tapyldy

Meksikanyň Milli migrasiýa institutyndan (INM) berilen beýanatda, Werakruz ştatyndaky bir ýük ulagynň içinde Gonduras, Salwador, Gwatemala we Ekwador ýaly döwletleriň raýatlarynyň anyklanandygy habar berildi.

INM tapylan 343 bikanun immigrantyň 103-siniň kiçi ýaşdaky çagalardan ybaratdygyny mälim etdi.

Baş Prokuratura we Jenaýat derňew agentligi waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdiler.

Ýük ulagynyň sürüjisiniň wakanyň bolan ýerinden gaçandygy we bikanun immigrantlaryň adam söwdasyny edýän toparlar tarapyndan ABŞ-na alyp gitmek wadasy bilen aldanandyklary beýan edildi.

INM geçen hepde bolsa Aşagy Kaliforniýa ştatyndaky myhmanhanalaryň otaglarynyň birinde 79 bikanun immigrantyň tapylandygyny habar beripdi.

Meksikaly resmiler tarapyndan berilýän maglumata görä, ýurtda 8,76 million hasaba alynmadyk bikanun immigrantyň ýaşaýandygy çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtlar Ankaradaky hüjümi ýazgarýarlar
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Älem gözeli bäsleşiginde nikaragualy gyz ýeňiji boldy
Gondurasyň Prezidentligine ilkinji gezek zenan saýlandy
Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy