Meksikada ýurduň taryhynda iň iri saýlawlar geçirildi

Meksikada ýurduň taryhynda iň iri saýlawlar geçirildi

6-njy iýunda Meksikada ýurduň taryhynda iň iri saýlawlar geçirildi.Azertag.az-yň habar bermegine görä, meksikanlar 20 müňden gowrak dolandyryjylary we dürli derejedäki wekilleri saýladylar.Olaryň arasynda ýurduň ýerli ýolbaşçylarynyň 3/4 bölegi — gubernetorlaryň 15-si, federal deputatlaryň 500-si we sebitleýin deputatlaryň 1 müň 63-si, şeýle-de 30 ştatdaky munisipalitetleriň ýolbaşçylarynyň 1 müň 926-sy bar. Şeýle hem munuň özi geçen ýylda Koauila ştatynyň Idalgo munisipalitetinde federal derejede geçirilen ýerli saýlawlardan soň, pandemiýa döwründäki ilkinji saýlawlardyr.

Ses berişliklere 95 million adam gatnaşdy.Bu saýlawlaryň netijesi köp derejede ýurduň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador tarapyndan bellenen durmuş-ykdysady özgertmeleriň ykbalyny hem kesgitlär.

Ýene degişli makalalar

Obrador: "Meksika ABŞ-dan howpsuz" diýdi
Meksikada ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli 39 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Sanjym işiniň başlanmagy bilen dünýäde täze dokuz milliarder peýda boldy
Latyn Amerikasy döwletleriniň Bileleşigini döretmek teklip edilýär