Pekin 2008-den bäri çempion bolup gelýär, yzly-yzyna 4-nji altyn medaly

Göreşiň grek-rim görnüşi boýunça erkekleriň arasynda 130 kg agramda çempion Pekin 2008-den bäri üýtgemän gelýär. Kubaly 38 ýaşyndaky Mihain Nunes Lopes bassyr 4-nji altyn medalyny boýnuna dakdy. 2008, 2012, 2016-njy ýyllaryň çempiony finalda gruziýaly Ýakob Kajaýadan 5:0 üstün çykdy.

Şunlukda, Mihain Lopes yzly-yzyna 4 Olimpiada altyn medal gazanan ilkinji göreşiji boldy. Ol bu ugurda russiýaly Aleksandr Karelin bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi. Mihain Nunes Lopes 2004-nji ýylda 120 kg agram derejesinde kümüş medal gazanypdy.

Tokio 2020-de 130 kg agram derejesinde bürünç medaly türkiýeli Ryza Kaýaalp hem-de russiýaly Sergeý Semýonow gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Sanjym işiniň başlanmagy bilen dünýäde täze dokuz milliarder peýda boldy
Meksikada ýurduň taryhynda iň iri saýlawlar geçirildi
Latyn Amerikasy döwletleriniň Bileleşigini döretmek teklip edilýär
Janpena ýene surata düşüriler
Meksikada Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi
Meksika döwleti Džulian Assanža syýasy sygynma barada teklip hödürledi