Meksikanyň Döwlet baştutany Andres Manuel Lopes Obrador, ABŞ tarapyndan içalylyk bilen günäkärlenen WikiLeaks kärhanasynyň esaslandyryjysy Džulian Assanža syýasy sygynma hukugyny bermek isleýändiklerini habar berdi.
Obrador geçiren metbugat ýygnagynda, Džulian Assanžyň Meksika üçin hiç hili howp abandyrmaýandygyny, syýasy sygynma baradaky teklibi doganlyk we raýdaşlyk maksady bilen hödürländiklerini aýan etdi.
Obrador, Džulian Assanžy içalylyk aýyplamasy bilen kazyýetiň öňüne çykarmak isleýän ABŞ-na adamkärçilikli we raýdaşlyk içinde hereket etmek barada çagyryş berip, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampa Džulian Assanžyň günäsiniň geçilmegi üçin hat ýazandygyny, emma jogap gelmändigini mälim etdi.
ABŞ 50 ýaşly Džulian Assanžy Owganystan we Yrak söweşleri bilen baglanşykly ýüz müňlerçe resminamany çap etmeginden soň milli goranyş maglumatlaryny almak we olary paş etmek üçin dildüwüşik etmek aýyplamalary bilen günäkärleýär.
Özüne garşy gozgalan işler sebäpli ilki Ekwadora, soň bolsa Britaniýa sygynan Džulian Assanž 2019-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň günäkärlemeleri we yzyna gaýtarylyp berilmek baradaky talaby sebäpli hiç hili sebäp bolmadan Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherindäki ýokary howpsuzlykly Belmarş tussaghanasynda saklanýar.
Džulian Assanž ABŞ-na gaýtarylyp berilen halatynda azyndan 165 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigi aýdylýar.
