Meniň çeken suratym başlangyjy sungatyň

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bellenilen meýilnama laýyklykda tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Meniň çeken suratymbaşlangyjy sungatyň” ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi.

Bäsleşigiň dowamynda höweslije çagalar okan ertekileriniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.Bäsleşige gatnaşan zehinlije çagalar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär
Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi
“Medeniýet günleri birleşdirýär illeri” atly döredijilik duşuşygy
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün