Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Medeniýet günleri birleşdirýär illeri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşyga Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy.Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen halkynyň milli medeniýeti, sungaty , olaryň taryhy kökleri, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de talyplar kitaphananyň bölümleri, kitaphana hünärmenleriniň ýerine ýetirýän işleri, okyjylara berilýän ýokary derejeli hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary esasynda gurnalar sergi talyp-ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda gurnalan sergiler talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Täsirli duşuşygyň ahyrynda bagtyýar talyp-ýaşlar okamagy, öwrenmegi, döretmegi, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
