Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde özüniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, ösen milli medeniýeti bilen tanalýandygy, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň her ýylda uly dabara bilen bellenilýändigi barada gürüň berdiler. Şeýle-de Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrülendigi, bu şäheriň dünýäniň iň owadan, iň gözel, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
