Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Maliýe institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatymPyragynyň arzuwlan zamanasynda ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçilik, küýzegärçilik, halyçylyk, atşynaslyk sungaty bilen umumyadamzat medeniruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalaryň edilýändigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli medeniýetimizi, taryhy şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär
Medeniýetiň hem sungatyň belent sarpasy
Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri
Milli miras halkyň ruhy sarsmaz binýadydyr
Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri