Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga kitaphana hünärmenleri hem-de kitap söýüji ýaşlar gatnaşdy.Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy has-da ösdürip, dünýä ýüzünde belent derejelere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan belent maksatly beýik işler barada buýsançly gürrüňler edildi.

Sungaty söýýän ýaşlar aýdym-sazly çykyşlary bilen aýratyn täsir galdyrdy.Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.Duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy
Bossan Concept Arkaç söwda-dynç alyş merkezinde täze sergi otagyny açdy
Arkaç söwda merkezinde Hilli lýustra we yşyklandyryş enjamlarynyň üçünji dükany açyldy
Türkiýäniň ýuwelir ägirdi “Atasay” Aşgabat butigi bilen Merkezi Aziýa girýär
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglygym baş baýlygym atly baýramçylyk konserti
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi