Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglygym baş baýlygym atly baýramçylyk konserti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglygym baş baýlygym atly baýramçylyk konserti

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan günleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawyndan ruhlanyp, sporty özlerine hemra edinýän ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Türkmen halkynyň sagdyn durmuş ýörelgeleri nusgalyk ýoldur. Häzirki wagtda halkymyzyň saglygyny has-da berkitmekde ýurdumyzda köp işler alnyp barylýar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlaryň we okuwçylaryň gatnaşmagynda Arkaç medeni söwda dynç alyş merkezinde baýramçylyk konserti geçirildi.Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň saglygy ugrunda edýän aladalary çäksizdir. Ýurdumyzda dürli halkara sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi biziň türgenlerimiziň dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän olimpiýadalara gatnaşyp, dürli derejedäki sport ýaryşlarda şowly çykyş edip altyn, kümüş, bürünç medallar bilen dolanmaklary göreş, küşt, futbol, woleýbol, hokkeý ýaly oýunlaryň ösdürilmegi geljekde türkmen sportunyň has belent derejelere ýetjekdiginiň aýdyň şaýadydyr.

Baýramçylyk konsertiniň dowamynda mekdebimiziň okuwçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň saglyk barada ýerine ýetiren aýdym-sazlary baýramçylygyň şowhunyny hasda artdyrdy.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edildi.

Ýene degişli makalalar

CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Welaýatlardan Ahala gelen işçiler agyr şertlerde işlemäge, kanalyň bulanyk suwundan içmäge mejbur bolýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň rowaçly gadamlary
27.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy