Bossan Concept Arkaç söwda-dynç alyş merkezinde täze sergi otagyny açdy

Bossan Concept Arkaç söwda-dynç alyş merkezinde täze sergi otagyny açdy

Aşgabatdaky Arkaç söwda-dynç alyş merkezinde owadan bezeglere düşünýänler üçin hakyky jennet bolan Bossan Concept-iň täze sergi otagy açyldy!

Täze Bossan Concept giňişligi öýüňiz üçin çözgütleriň dünýäsidir. Bu ýerde müşderiler gaýtalanmajak rahatlyk we gözellik gurşawyny döretmäge kömek etjek emeli gülleriň hem-de bezeg esbaplarynyň dürli görnüşlerini tapyp bilerler.

Sergi otagynda wazalar, şemdanlar, heýkeljikler we başga-da dürli harytlar hödürlenýär.

Bossan Concept hakyky güllerden tapawutlanmaýan ýokary derejeli emeli güllere aýratyn buýsanýar. Olar ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar we janly ösümlikleriň gözelligini iň ownuk aýratynlyklaryna çenli gaýtalaýarlar.

Bossan Concept-iň emeli gülleriniň artykmaçlyklary:

- uzakmöhletliligi: solmaýar, ideg talap etmeýär, uzak ýyllaryň dowamynda özüne çekiji görnüşi saklaýar;

- ulanyşda amatlylygy: allergiýa döretmeýär, ýapraklary düşmeýär, ysy ýok;

- hakyka meňzeşligi: ýakyndan seretseň hem hakykylar ýaly görünýär;

- köpugurlylygy: islendik otag üçin amatly.

Bossan Concept owadan we rahat otag döretmekde siziň wepaly kömekçiňizdir!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Sergiler, konsertler we sport: Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar
Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy
Arkaç söwda merkezinde Hilli lýustra we yşyklandyryş enjamlarynyň üçünji dükany açyldy
Türkiýäniň ýuwelir ägirdi “Atasay” Aşgabat butigi bilen Merkezi Aziýa girýär
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglygym baş baýlygym atly baýramçylyk konserti
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi