Merjen şäher Aşgabat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi.Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň Aşgabat şäherimiz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşi aýdyň şöhlelenýär.Paýtagtymyzdaky biri-birinden beýik mermer binalar, medeni durmuş maksatly binalary, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ähli amatlyklar bilen üpjün edilendir.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy bolandygy barada söhbetdeşlige gatnaşanlar gürrüň etdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler gül Diýarymyzy jennet mekana öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň aýdyň gelejegi ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary
Kesearkajyň düzünde aýdymy bilen adygan
DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY
Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna