Merkel syýasata dolanmak islemeýär

Merkel syýasata dolanmak islemeýär

Germaniýanyň öňki Kansleri Angela Merkel özüniň syýasata dolanmak zerurlygyny duýmaýandygyny Pais ispan gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde nygtady diýip, Report habar berdi.

Men 16 ýyl Kansler boldum we yzyma dolanmaklygy zerurlyk hasap etmeýärin. Meniň işjeň syýasatdaky möhletim tamamlandy diýip, 70 ýaşly Merkel gürrüň berdi.

Ýeri gelende aýtsak, Merkel 2005-2021-nji ýyllarda Germaniýanyň Federal kansleri wezipesini eýeledi. 2000-2018-nji ýyllar aralygynda ýurduň Hristian-demokratik bileleşiginiň başlygy boldy.

Ýene degişli makalalar

Şols öňki kanslerden maslahat soraýandygyny gürrüň berdi
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Armin Laşete ynam bildirdi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi
Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi
Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy