
Şu gün Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Şarl Mişel, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emonali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gatnaşýar.
Çolpon-Ata şäherindäki Ikinji döwlet rezidensiýasy diýlip atlandyrylýan Kongress-holuň girelgesinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow her bir wekiliýetiň ýolbaşçysyny, şol sanda wise-premýer N.Amannepesowy hem mähirli garşylady.
Resmi salamlaşyk we döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, wekiliýet agzalary ýörite zalda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygynyň çägindäki gepleşiklere başladylar.
*Habaryň üsti ýetirilýär