Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki mejlis öz işine başlady

Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki mejlis öz işine başlady

Şu gün Gyrgyzystanyň Çolpan ata şäherinde Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Şarl Mişel, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emonali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gatnaşýar.

Çolpon ata şäherindäki Ikinji döwlet rezidensiýasy diýlip atlandyrylýan Kongress-holuň girelgesinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow her bir wekiliýetiň ýolbaşçysyny mähirli garşylady.

Resmi salamlaşyk we döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, mejlis giňişleýin düzümde öz işine başlady.

Ýene degişli makalalar

Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady