Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan haryt dolanyşygyny $10 milliarda ýetirmekçi

Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan haryt dolanyşygyny $10 milliarda ýetirmekçi

Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan 5-nji aprelde Kabulda geçirilen “Owganystan Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygynyň jemleri boýunça ýakyn üçdört ýylyň dowamynda özara söwda dolanyşygyny 10 milliard ABŞ dollaryna çenli artdyrmak arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada ýekşenbe güni “Ariana News” agentligi berdi.

Türkmenistanyň DIM-niň duşenbe güni habar bermegine görä, mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol kartasyny işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hoja Öwezow öz çykyşynda Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen türkmen tarapynyň alyp barýan işleri bilen gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa Owganystan” konsultatiw dialogynyň dowam etdirilmegini goldadylar. Şeýle hem Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa Owganystan konsultatiw dialogyna gatnaşdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Owganystan TOPH taslamasy boýunça amaly işlere başlaýar