Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa Owganystan konsultatiw dialogyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde Merkezi Aziýa Owganystan konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol kartasyny işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

H.Öwezow öz çykyşynda Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen türkmen tarapynyň alyp barýan işleri bilen gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy.Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa Owganystan konsultatiw dialogynyň dowam etdirilmegini goldadylar. Şeýle hem Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan haryt dolanyşygyny $10 milliarda ýetirmekçi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Owganystan TOPH taslamasy boýunça amaly işlere başlaýar