Merkezi Aziýa ýurtlary ýokary bilim diplomlaryny özara ykrar ederler

Merkezi Aziýa ýurtlary ýokary bilim diplomlaryny özara ykrar ederler

Merkezi Aziýa ýurtlary integrasiýany çuňlaşdyrmak ugrunda ädim ätdiler: Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýokary bilim hakyndaky resminamalary özara ykrar etmek baradaky möhüm ylalaşyga gol çekdiler.

Bu resminama, gatnaşyjy ýurtlaryň çäginde akkreditirlenen ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen diplomlaryň göni we bökdençsiz kanunylaşdyrylmagyny aňladýar.

Gol çekilen ylalaşyk sebitiň raýatlarynyň akademiki we zähmet hereketini ýeňilleşdirýär. Diplomlar indi gatnaşyjy ýurtlaryň islendiginde hünär işjeňligine göni hukuk berýän resminamalar hökmünde kabul ediler.

Uçurymlar goşmaça amallarsyz öz hünärleri boýunça goňşy döwletlerde tejribe geçip we okuwlaryny (mysal üçin, magistraturada ýa-da aspiranturada) dowam etdirip bilerler.

Ylalaşykda ykrar etmegiň, tassyklanýan hünäriň sebitiň ýokary bilim ulgamlarynda kabul edilen umumy talaplara laýyk gelmegi şerti bilen amala aşyryljakdygy göz öňünde tutulýar. Ykrar etmekden ýüz öwürmäge diňe bildirilýän hünär talaplarynyň arasynda düýpli tapawutlaryň subut edilen ýagdaýynda ýol berilýär.

Çeşme: THP

Ýene degişli makalalar

Türkmen uçurymlary mekdepden göni goşuna alynýar
Türkmen ýaşlary goşuna ekzamen güni alynýar
Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat...
Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Soňky jaň dabarasy mynasybetli Gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy