Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary durnukly durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa taýdan ösüşi goldamaga, innowasiýa häsiýetli senagatyň we ösen ulag düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen düýpli we giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler.

Mejlise gatnaşyjylar bular barada durup geçmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň özara duşuşyklarynyň bu ugurda bilelikdäki tagallalary öňe ilerletmäge gönükdirilendigini we nobatdaky Konsultatiw duşuşygyň anyk netijeleri gazanmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistana iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary amala aşyrylar
Türkmen türgenleri Duşenbe şäherindäki ýüzmek boýunça halkara ýaryşda 4 medal gazandy