MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI

Şu gün, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde gatnaşyjylar milletara dialogyň ilerledilmegi we parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialogyň hereket etmeginiň birinji ýylynyň işini ara alyp maslahatlaşdylar, zenan-liderleriniň sebitleýin bileleşiginiň zenanlaryň liderliginiň we gatnaşygynyň giňeldilmegindäki tejribesine seredip geçdiler, 2022-nji ýylda Dialogyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de onuň institusional ösüşiniň mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Şeýle hem gatnaşyjylar syýasatyň we ösüşiň ähmiýetini, soňky 30 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen RF tarapyndan gender deňligini hem-de döwlet we jemgyýetçilik işlerine zenanlaryň gatnaşygyny üpjün etmek ugrunda gazanylan üstünlikleri barada belläp geçdiler.

Geljekki döwür üçin meýilnamalar barada aýdyp, gatnaşyjylar zenanlaryň syýasy işleri, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine goşulmagy, olaryň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy bilen bagly temalar boýunça dürli çäreleriň geçirilmegi babatynda aýdyp geçdiler.

Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň netijeleri jemlendi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň Jarnamasy kabul edildi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň Dialogynyň 2022-nji ýyl üçin iş Meýilnamasyna gol çekildi.Meýilnama Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň Durmuş-medeni ösüş boýunça komitetiniň başlygy Jamilýa Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Gyrgyz Respublikasynyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça Komitetiniň Başlygy Hilolbi Kurbonzoda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gulşat Mämmedowa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa dagylar gol çekdiler.

Mejlisiň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmegi bilen bagly başlangyjy we görkezilen gyzgyn myhmanmsöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
Aşgabatda Zenanlaryň dialogynyň Jemleýji resminamasy kabul edildi
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty açyldy
Arkadag şäherinde Merkezi Aziýanyň zenan senetçileriniň halkara jemgyýetçiliginiň dialogy geçirildi
Arkadag şäherinde Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede atly halkara Dialog geçirildi
Brýusselde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçiriler
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal