Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri energiýa netijeliligini artdyrmakda Latwiýanyň tejribesi bilen tanyşýarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri energiýa netijeliligini artdyrmakda Latwiýanyň tejribesi bilen tanyşýarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryndan, ýaş alymlaryndan, hünärmenlerinden we iň ýokary energiýa netijeliligine eýe mekdepleriniň wekillerinden ybarat topar Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak — Latwiýanyň tejribesi atly bir hepdelik okuwyň çäginde Latwiýada saparda bolýarlar diýip, UzDaily.uz habar berýär.

Umuman alanyňda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 12 wekili bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň çakylygy boýunça gatnaşýar. Bular — ÝB-niň #Reels4SustainableEnergy bäsleşikleriniň we durnukly energiýa temasyndaky iň oňat heýkel dizaýny boýunça ýaryşyň ýeňijileri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň paýtagtlaryndaky mekdepleriň arasynda iň köp energiýa netijeliligine eýe orta mekdepleriň wekilleri.

27-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Durnukly energiýa baglanyşyklary taslamasy tarapyndan guralan saparyň dowamynda gatnaşyjylar Latwiýanyň energiýa netijeliliginiň üstünlikli mysallary we döwlet hem-de hususy pudaklar tarapyndan durmuşa geçirilýän tejribeler bilen tanşarlar.

Okuw saparynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Latwiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň, Riga Energetika Guramasynyň, Riga Sanly Guramasynyň, Riga Tehniki Uniwersitetiniň, Geljekki Inženerler Uniwersitetiniň hünärmenleri bilen duşuşyklara hem gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?
Birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Polşa: "Russiýanyň gizlin gullugynyň 9 işgärini tussag etdik" diýdi
Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy: türgenler we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin harytlar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär