Polşa: "Russiýanyň gizlin gullugynyň 9 işgärini tussag etdik" diýdi

Polşa: "Russiýanyň gizlin gullugynyň 9 işgärini tussag etdik" diýdi

Polşanyň premýer ministri Donald Task ýurdunda Russiýanyň gizlin gullugy bilen sazlaşykly ýagdaýda amala aşyrylan sabotaž hereketlerini ýerine ýetirmek bilen günäkärlenen 9 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Task: "Häzirki wagta çenli Polşada ruz gizlin gullugynyň buýrugy esasynda fiziki hüjüm we otlamak bilen birlikde sabotaž aksiýalaryny amala aşyrandygy şübhe edilýän 9 adam tussag edildi" diýip mälim etdi.

Polşanyň premýer ministri Donald Task ýurdunyň bu babatda hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny we bu görnüşli operasiýalaryň Latwiýa, Litwa we Şwesiýa ýaly ýurtlarda ýaýbaňlanyp biljekdigini beýan etdi.

Resmi Warşawanyň Ukraina ýarag üpjünçiliginde merkez ýagdaýda bolmagy sebäpli rus gizlin gulluklarynyň nyşanasy ýagdaýyna gelendigini we Moskwanyň ýurtdaky durnuklylygy bozmak üçin aksiýalar geçirýändigini öňe sürýär.

Ýene degişli makalalar

Polýak poçtasy döredilýär
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Zähmet migrantlary türkmen diplomatlaryny parahorlukda aýyplaýar
Birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Ýewropa barmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda Rumyniýanyň wizasyna isleg artýar
Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy ýygjamlaşýar
Ýewropadaky iň belent Täze ýyl arçalary belli edildi