Merkezi Aziýadan Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi

Merkezi Aziýadan Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi

Merkezi Aziýadan Hytaýa 2022-nji ýylda gaz geçirijiniň üsti bilen 43,20 milliard kub metr tebigy gaz iberildi.

Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň üsti bilen her gün 100 million kub metr töweregi tebigy gaz daşalýar. Bu barada “PipeChina West Pipeline Company” hytaý kompaniýasynyň çap eden maglumatyna salgylanyp, “Xinhua” habarlar agentligi şenbe güni habar berdi.

Bu gaz geçirijiniň 2009-nji ýylda işe başladylandan geçen ýylyň ahyryna çenli onuň üsti bilen Hytaýa jemi 423,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi.

Kompaniýanyň habaryna görä, turbageçiriji bilen daşalýan tebigy gazyň gündelik iň ýokary mukdary 163 million kub metrden geçdi.

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginden gözbaş alyp gaýdýan we Özbegistan bilen Gazagystanyň çäklerinden geçýän, Hytaýyň Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi bilen Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Horgos serhet geçelgesinde birleşýän ilkinji serhetüsti gaz geçirijisidir.

Turbageçiriji 27 sany welaýatyň, etraplaryň, sebitleriň we Gonkong ýörite administratiw etrabynyň 500 milliondan gowrak ilatyny tebigy gaz bilen üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

I çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10,9 mlrd dollarlyk tebigy gaz satyn aldy
Merkezi Aziýa-Hytaýa turbageçirijisi 400 mlrd kubmetr tebigy gaz daşady
Merkezi Aziýadan Hytaýa 10 mlrd kub metrden gowrak gaz iberildi
Merkezi Aziýadan Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Kiçi robotlar suw ýitgisini azaldar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl