Kiçi robotlar suw ýitgisini azaldar

Angliýada we Uelsde suw hyzmatlaryny hödürleýän “Ofwat” kompaniýasy kiçijik robotlary işläp taýýarlaýar.Bu robotlar suw turbalarynyň döwlen ýerlerini tapmaga ýardam eder.Kompaniýa degişli bolan suw geçirijileriniň jemi uzynlygy 400 müň kilometrden geçýär.

Bu turbalardan her günde 3 milliard litr suwuň syzýandygy bellenilýär.Hünärmenler suw ýitgisiniň öňüni almak üçin robotyň has täsirli boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem kompaniýa geçirijileriň zeper ýeten ýerlerini anyklamak üçin kameralardan, emeli hemralar arkaly alnan şekillerden, ýylylygy anyklamak arkaly işleýän dronlardan we beýleki tehnologiýalardan peýdalanýar.

Kompaniýanyň wekilleri göze görnüp duran kemçilikleri düzeltmegiň kyn däldigini, emma göze görünmeýän ýerasty aýryklary anyklamagyň kyndygyny belleýärler. Şeýle hem hünärmenleri geçirijileri ýarylan ýerlerini ýeri gazmazdan düzedip bolýan, turbany ýamaýan materiallardan hem peýdalanýarlar.

Turbalaryň aýryklaryny tapmak üçin işlenip taýýarlanan “Pipebot” atly robotlar kameralar bilen üpjün edilip, beýikli-pesli ýerden hem geçip bilýär. Şeýlelikde, bu robotlar bökdençlik ýüze çykmazdan onuň öňüni almaga ýardam eder. Häzirki wagtda bar bolan tehnologiýa bolsa, haýsydyr bir tehniki bökdençlik ýüze çykandan soňra habar berýär.

Mergen Ýagşygeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Ýewropanyň dürli künjeklerinde Roždestwo güni haýsy aýdymlar aýdylýar?
Zarýad ýygnaýjylygy çäklenmedik batareýa
DÇ-2022: Eýran pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmedi
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi