Merkezi Aziýanyň Prezidentleri ýurdumyza geldi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 3-nji awgustda Türkmenistana gelip, ol özüniň döwlet saparyny amala aşyrýar.

Prezidentler şu gün Awazada öz işine başlaýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýarlar. Şeýle hem ikiçäk duşuşyklary geçirerler, konsultatiw duşuşykda sebit hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köp sanly ugurlarda ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
Gazagystan täze konstitusiýany tassyklady
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
ÝB we Gazagystan awiasiýa, möhüm çig mal we wiza ýeňiligi boýunça ylalaşyklara gol çekdiler
Aşgabatda Halkara forum öz işine başlady
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler