Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň Futbol assosiasiýalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdiler

Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň Futbol assosiasiýalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdiler

30-njy oktýabrda Doha şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen Bütinhindi Futbol federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişildi. Resminama dürli ugurlarda, hususan-da, başlangyçlary goldamak, ýaryşlary guramak, tejribe alyşmak hem-de futbol hünärmenleriniň bilimini artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alýar.

Ähtnama gol çekilmegi iki futbol assosiasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyr boldy. Ol oýunçylaryň we tälimçileriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaryşlara gatnaşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek arkaly Merkezi Aziýada we Hindistanda futbolyň ösmegine goşant goşar.

Ýeri gelende bellesek, Ähtnama gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy, CAFA-nyň wise-prezidenti Arslan Aýnazarow hem gatnaşdy.

Maglumat üçin, Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, ol AFK-nyň bäş sany sebitleýin guramasynyň biri bolup durýar. CAFA-nyň düzümine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Futbol federasiýalary girýär.

Ýene degişli makalalar

Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
TÝL ― 2020: çempiona baýraklar gowşuryldy
Altyn Asyr bäşinji gezek Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Ýazguly Hojageldiýew 2020-nji ýylda Türkmenistanda iň gowy tälimçi diýlip yglan edildi
Türkmenistanda ýylyň iň gowy futbolçysy kesgitlenildi