MERT ÝIGITLERWATANYŇ ŞAN ŞÖHRATY

Döwletmämmet Azady adyndaky arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Mert ýigitlerWatanyň şan şöhraty” atly söhbetdeşlik geçirildi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň, parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup, dünýä ýüzüne ýaň salýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan halkymyzyň kalbynda Watan beýikligi, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar.Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşgunydyr.

Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli buýsanjyndan syzylyp çykan “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitaplaryny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bu günki gün Watan goragçylarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol ýörelge edinip Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryna mynasyp jogap bermek, tertip-düzgüni üpjün etmek üçin mukaddes Watanyň goragynda mynasyp gulluk edýärler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlary işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

“Soňky jaň” dabarasy
Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Netijeli hyzmatdaşlyk we döredijilikli zähmet — Watanymyzyň täze sepgitleriniň binýady
Ruhy tämizligiň we kämilligiň baýramy
Jogapkärli möwsümiň bosagasynda