MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR

Her ýyl milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän çäreler Garaşsyz ,baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurnalýan gyzykly hem-de täsirli gezelençler bilen utgaşýar. Şu gün merdana Watan goragçylarymyzyň güni mynasybetli Watan dillerimiziň, baky senasy atly Lebap welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda harby we hukuk goraýjy işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2111 harby gullugynyň esgerleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy.

Olar muzeýde saklanylýan milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlere baý bolan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýlede olar ýurdumyzyň taryhy ýerleri baradaky gyzykly maglumatlary aldylar.Muzeýiň arheologiýa zalynda ýerleşýän gadymy galalar, ýadygärlikler baradaky maglumatlar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Muzeýe gurnalan gezelenjiň dowamynda olar bedew batly ösüşler bilen eziz ata watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. ________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

Ýene degişli makalalar

MUZEÝLER-DÖWÜRLERIŇ NURANA KEŞBI
Waspyň sena boldy, dillerde bedew
Şanly ýyla bagyşlanan bäsleşikleriň jemleri jemlenildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
ŞAN GOŞAR SEN, ÝYLLAŇ ŞANYNA BEDEW!
ÝOLLAR BIZI MENZILLERE ÝETIRÝÄR