Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyklar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şol beýik ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Ýoluň bu möhüm böleginiň ulanmaga berilmegi diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ykdysady, söwda we durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Bu ýol ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga, sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi il bähbitli işleriň beýik nusgasydyr. Şäherimizi merjen paýtagtymyz bilen birleşdirýän bu ýol diňe bir iki şäheri däl-de, döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga hyzmat eder. Ýoluň ugrunda gurulan 8 sany awtobus duralgasy, döwrebap ýangyç guýujy beketler, dynç alyş merkezleri we awtomatlaşdyrylan agram gözegçilik ulgamlary halkara standartlara doly laýyk gelip, üstaşyr geçýän sürüjiler üçin ähli amatlyklary döredilendir.
Illeri illere ýakynlaşdyryp, Türkmenabada ýol geldi.Aýna ýaly tekiz ýol diňe ulaglaryň däl, döwrümiziň okgunly ösüşleriniň hem tizligini güýçlendirer.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza şa gadamynyň düşüp, täze ýoluň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy pursatdyr. Şu şanly ýylymyzda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakalar mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat hem-de etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Söhbetdeşlik çäresinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Lebap topragyna mübärek şa gadamynyň düşmegi bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri bolandygy, müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzda gadymy Nusaýdan gadymy Amula kerwen gatnan ýollarda häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda ýokary derejede, üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri taslama Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň iş ýüzündäki anyk mysallarynyň biridigi baradaky söhbetlere giň gerim berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şanly ýylyň taryhy wakasyna şaýat bolan watandaşlarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen şeýle beýik işlere bolan buýsanjyny hem-de hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.
Halkymyzy bedew bady bilen, nurana ak ýollardan ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!.
Gülälek BATYROWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri
