Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy

Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy

Marynyň Merw kluby AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolakdaky saýlamasynyň aýgytlaýjy oýnunda myhmançylykda Täjigistanyň Hujand toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Merwiň düzüminde 54-nji minutda Myrat Ýagşyýew hasaby açan bolsa, 79-njy minutda Hujandyň oýunçysy Parwiz Bokiýew hasaby deňledi. Şeýlelikde, gapma-garşylygyň ýeňijisi goşmaça wagtda anyklandy.Has takygy, goşmaça wagtyň ikinji ýarymynda, 114-nji minutda Myrat Öwezmyradow standart pursatda kellesi bilen derwezäni dürs nyşana alyp, Merwe ýeňiş getiren goluň awtoryna öwrüldi.

Netijede Merw AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy. Bu tapgyrda ol Täjigistanyň Rawşan, Türkmenistanyň Altyn asyr we Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata klublary bilen güýç synanyşar.

AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Bu toparçadan indiki tapgyra gatnaşmaga diňe birinji orny eýelän topar hukuk gazanar.

Ýene degişli makalalar

Myrat Ýagşyýew AFK-nyň kubogynda 14-nji goluny geçirdi
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Merw” AFK Kubogynda toparçalarda çykyş eder
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
“Altyn Asyr” AFK-nyň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji ýeňşini gazandy