“Merw” AFK Kubogynda toparçalarda çykyş eder

Aziýa klublarynyň 2-nji derejeli ýaryşy AFK Kubogynyň pleý-off tapgyrynda Marynyň “Merw” topary ýeňiş gazanyp, taryhynda ilkinji gezek toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazandy.Myhmançylykda Täjigistanyň “Hujand” topary bilen duşuşdy.

Esasy wagty 1-1 tamamlananda oýunda ilkinji bolup, “Merw” öňe saýlandy.Duşuşygyň 54-nji minutynda Murat Ýakşiýew hasaby açdy.Oýnuň 79-njy minutynda-da täjik kluby Parwiz Bakiýew hasaby deňledi.

Netijede, galan minutlarda-da üýtgän zat bolmady we goşmaça 30 minut berildi.

Goşmaça wagtyň ilkinji 15 minutynda skorborddaky sanlarda üýtgeşiklik bolmady. 2-nji 15 minutda-da erjel oýun görkezen “Merw” topary 114-nji minutda Myrat Öwezmyradow goly bilen 2-1 öňe saýlandy.

Bu duşuşykdaky soňky gol boldy. Şunlukda, iki atdaş futbolçysynyň, ýagny Myratlaryň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Merw” topary AFK Kubogynda toparçalarda çykyş eder. “Merw” topary Merkezi Aziýa zolagynyň toparçasynda ýurdumyzyň wekili “Altyn asyr”, şol sanda Täjigistanyň “Rawşan”, Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata Kant” toparlary bilen duşuşar.

Toparçalardaky duşuşyklar 18-nji sentýabrda başlap, 14-nji dekabrda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy
Myrat Ýagşyýew AFK-nyň kubogynda 14-nji goluny geçirdi
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow doglan gününi belleýär, Aşgabatda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär, Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan çäre geçirildi we beýleki habarlar