MERW — TARYHY GYMMATLYKLARYŇ MEKANY

MERW — TARYHY GYMMATLYKLARYŇ MEKANY

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gadymy Merw orta asyrlarda alyş-çalşygyň, söwdanyň has ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Özüniň dünýä belli kitaphanalary, kerwensaraýlary, söwda bazarlary bilen giňden tanalypdyr. Dünýä ýurtlarynyň ählisinden söwdagärleriň, alymlaryň, täjirleriň Merwe gelmäge bolan islegi ýokary bolupdyr. Günbataryň hem-de birnäçe arap döwletleriniň söwdagärleriniň gelmegi bilen, Gadymy Merwde ýokary derejede söwdalar amala aşyrylypdyr.

Muňa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýerlerden dürli asyrlara degişli altyn teňňeleriň tapylmagy aýdyň şaýatlyk edýär.Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Gadymy Merwiň galalarynyň ýerleşýän ýerinden tapylan VII — VIII asyrlarda Arap halyflaryna degişli altyn teňňe gelip gowuşdy.

Teňňäniň agramy 4,25 gram bolup, iki tarapyna hem arap elipbiýinde hat ýazylan.Bu teňňe hakykatdan hem altyn bolup, VII-VIII asyrlarda Bagdatda zikgelenipdir.

Gymmatly tapyndylar ýaş nesilleri terbiýelemekde örän ähmiýetli bolup, bu babatda muzeý işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Goý, taryhy gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmäge, olary dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Türkmenistan 2023-nji ýylda özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny giňeltmek tagallalaryny ileri tutdy
Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň dört künjeginde bellenilip geçilýär