Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Raisä Kirman welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlar zerarly duýgudaşlyk bildirdi.

Erdogan asuda ilatyň nyşana alynan terrorçykykly hüjümi ýazgaran telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň terrora garşy göreşde Eýranyn ýanyndadygyny belläp, Eýranyň halkyna adam pidalary sebäpli sabyr diledi. Telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan Eýrana terrora garşy göreşde bilelikde hereket etmek barada çagyryş berdi.

Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň şu gün Türkiyä guramagy meýilleşdiren saparynyň yza süýşürilmegi barada karara gelindi.

Eýranyň Kirman welaýatynda Ynkylap goragçylary goşunynyň Iýerusalim güýjüniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň aramgähiniň golaýynda düýn guralan 2 aýry terrorçylykly hüjümde 95 adam ýogalypdy.

Eýranda ABŞ-nyň 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň paýtagty Bagdat şäherindäki hüjüminde ýogalan Kasym Süleýmaniniň öldürilmeginiň 4-nji ýyly mynasybetli hatyralama çäresi geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Eýranda Bolan Partlamalarda Ýogalanlaryň Sany 89 Adama Ýetdi
Eýranda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 95 Adama Ýetdi
Eýranda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi