Eýranda Bolan Partlamalarda Ýogalanlaryň Sany 89 Adama Ýetdi

Eýranda Bolan Partlamalarda Ýogalanlaryň Sany 89 Adama Ýetdi

Eýranyň Kirman welaýatynda, Kasym Süleýmaniniň gubyrynyň ýerleşýän ýeriniň golaýynda bolan 2 partlamada ýaralanan ýene-de 5 adamyň ýogalmagy bilen wakada ýogalanlaryň sany 89 adama ýetdi.

Eýranyň resmiIRNA habarlar gullugynyň, welaýat häkimligine esaslanýan habarynda, ýogalanlaryň arasynda 12 çaga bilen 33 zenanyň bardygy we 12 adamyň hem Owganystanyň raýatydygy nygtaldy.

Hüjümde 284 adamyň ýaralanandygy, ýaralananlaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.

Beýleki tarapdan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, şu gün Kirmana gitdi

Prezident Raisi partlamada ýogalanlaryň jynazasyna gatnaşar.

ABŞ-nyň 2020-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň paýtagty Bagdatda guran hüjüminde ýogalan Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň İýerusalim güýçleriniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň aradan çykmagynyň 4-nji ýylynda Kirman şäherindäki gubyrynyň golaýynda iki partlama bolupdy.

Hüjümlerde 84 adam ýogalypdy, 284 adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Ahal futbol topary myhmançylykda Merw toparyny, Aşgabat topary bolsa öz meýdançasynda Nebitçi toparyny utdy
Eýranda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
“Yrakdan Çekilmek Niýetimiz Ýok”