Meşhur dissident şahyr, türkmeniň “Wysoskisi” Şiraly Nurmyradowy ýatlap… (Merhum şahyr Şiralynyň ýagty ýadygärligine)

Meşhur dissident şahyr, türkmeniň “Wysoskisi” Şiraly Nurmyradowy ýatlap… (Merhum şahyr Şiralynyň ýagty ýadygärligine)

Hoşgeldi Garly

Eger meşhur dissident şahyr Şiraly Nurmyradow aramyzda bolsady,onda 6-njy dekabrda 76 ýaşyna girerdi.

Emma, ol 71 ýaşynyň dolmagyna iki aý çemesi galanda, 2016-njy ýylyň 11-nji oktiýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda aradan çykypdy. Ol Stokgolmyň eteklerindäki musulman gonamçylygynda söýgüli aýaly, Maralyň ýanynda jaýlandy.

Ussat şahyr Şiraly Nurmyradow 1945-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme obasynda köp çagaly maşgalada dünýä inýär.

Onuň Şiraly adynyň hem özboluşly taryhy bar. Şahyryň gürrüň bermegine görä,onuň kakasy Nurmyrat aganyň babasy XIX asyrda Türkmenistany basyp almaga gelen rus goşunyna garşy gahrymanlarça söweşen Dykma Serdaryň janpenalarynyň biri bolupdyr. Şeýdibem, şahyryň kakasy öz ogluna babasy Şiralynyň adyny dakýar.

Şiraly Nurmyradow bu barada özüniň külpetli çagalygy bilen bagly “Ýaşalmadyk çagalyk” atly rusça romanynda hem ýazypdy. Romandan bir bölek Moskwada neşir edilýän “Družba Narodow” jurnalynyň 2013-nji ýylyň 3-nji sanynda çap edilipdi.

Şahyr Şiraly 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda Türkmenistanda üýtgedip gurmak syýasatynyň şemaly öwsüp başlan ilkinji günlerinden özüniň ýiti galamy bilen türkmen okyjylarynyň arasynda has meşhurlyk gazanypdy.

Ussat şahyr Tükmenistanyň ilkinji prezidenti Nyýazowyň hökmürowan rejimini ömrüniň ahyryna çenli berk tankytlap, onuň diýdimzor hökümetiniň adam hukuklaryny gödek bozýandygy, halkyň agyr sosial meseleleri barada şygyrlar, makalalar ýazypdy, daşary ýurt mediasynda çykyşlar edipdi.

Şahyryň ýazýan şygyrlary halkyň uly söýgüsini gazanyp, olar kasseta geçirilip diňlenýärdi we giňden ýaýradylýardy.

Türkmen okyjylary halkyň başdan geçirýän külpetlerini öz şygyrlarynda ussatlarça beýan eden şahyr Şiralyny türkmeniň “Wysoskisi” diýip atlandyrdylar.

“Şiraly Nurmyradow Şwesiýanyň PEN klubynyň agzasy we halkara baýraklarynyň eýesi.Ol uzak ýyllar Moskwada ýaşady we, özünde milli çäkden çykýan özboluşly pitneçi şahyryň keşbini jemlemek bilen, edebiýat sredasyny organiki sepleşip gitdi. Şiralyny birnäçe gezek tussag etdiler, şahyryň watany Türkmenistanda bolsa, onuň goşgularyny okanyň üçin hem yzarlaýarlar…” diýip, şahyryň saýtynda aýdylýar.

Ussat şahyryň iki eseri 80-nji ýyllarda Türkmenistanda çap edilipdi.

Onuň birinjisi “Gün bize garaşman dogýar” powesti, ikinjisi bolsa, “Heýkeller ýylgyrmaýar” atly şygyrlar ýygyndysy.

Soňra şahyryň eserlerini çap etmek Nyýazow tarapyndan Türkmenistanda gadagan edilipdi.

Şahyr öz şygyrlarynda diňe bir Nyýazowyň diýdimzor rejimini däl-de, onuň barha möwjemegine uly goşant goşýan Berdinazar Hudaýnazarowy, Baýram Jütdiýewi,Gözel Şagulyýewany we Onjuk Musaýewi hem gaýgyrman ýazgarypdy.

Şol sebäpli, Türkmenistanyň resmi KHS-de Şiraly Nurmyradowa garşy garalama kampaniýasy alynyp barylypdy. Ýöne, şahyr bu kampaniýa hiç wagt üns bermän, öz ýolundan dönmedi.

Şiraly Nurmyradow öňki prezident tarpa-taýyn ölenden soňra, häkimiýet başyna geçen Berdimuhamedowyň hökümetiniň diýdimzor syýasatlaryny hem berk tankytlap, çykyşlar edipdi, şygyrlar ýazypdy.

Ol 90-njy ýyllaryň başlarynda Russiýanyň Penza şäherindäki türmeden çykandan soňra, Moskwada bosgunlykda ýaşady we türkmen rejiminiň gazaply syýasatlary barada şygyrlar, makalalar ýazmagyny dowam etdi.

Şeýlede dissident şahyr Şirali Türkmenistanyň ilkinji DIM-i Awdy Kulyýewiň Moskwada döreden “Türkmenistan” oppozisiýa fondynyň syýasy çärelerine işjeň gatnaşyp, protest aksiýalarda, metbugat ýygnaklarda Türkmenistandaky rejimiň gazaply syýasatlary,ýurtda adam hukuklarynyň gödek bozulýandygy, halkyň sosial meseleleri barasynda çykyşlar edipdi we şygyrlar, makalalar ýazypdy.Ol fonduň Moskwada neşir eden “Türkmen ili” jurnalynda hem çykyş edipdi.

Şeýlede 90-njy ýyllaryň ortalarynda Awdy Kulyýewiň redaktorlygynda şahyr Şiralynyň goşgylary“Türkmenistan” fondynyň howandarlygynda çaklaňja kitapça şeklinde neşir edilipdi.

ŞIRALY: “Şeýle bir rus nakyly bar, belki, ol her bir halkda hem bardyr: “Möjegi her näçe naharla, barybir ol tokaýa sereder.” Men ilkinji mümkinçilik dörände watana giderin.

Mende başga çakylyklar boldy, hatda Polşada galmak mümkinçiligi hem boldy, men 1999-njy ýylda Kwasnewskiniň hut özi bilen duşuşdym, emma bu ýurt meni göni gelen ajalyň penjesinden sypdyrdy, hem ahlak, hem fiziki, ýene näme, men bilmeýärin, men bu ýurda, Şwesiýa islendik ýagdaýda minnetdar, onsoň bu ýerde bolmanda Moskwa gitmäge mümkinçilik döreýänçä oturaryn…” diýip ýazypdy.

Dissident şahyr syýasy oppozisiýa işleri, daşary ýurt mediasynda edýän çykyşlary üçin Moskwadaky yzarlamalardan we türme tussaglygyndan soňra,1995-nji ýylda Şwesiýadan syýasy baş pena alyp, bosgunlykda ýaşady. Ol ömrüniň ahyryna çenli watana dolanmak arzuwlaryny öz şygyrlarynda beýan edipdi.

Şiraly Nurmyradow edebiýat boýunça Kurt Tuholskiý halkara baýragynyň hem eýesi.

Onuň gyzlary Tereza, Gülnara we üçünji aýaly Natalýa Şilowskaýa Şwesiýada ýaşaýar.

Ussat şahyr, ýazyjy, dramaturg Şiraly Nurmyradowyň rusça saýtyndaky eserleri bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.

Ýatan ýeriň ýagty, Ruhyň şat bolsun, Şiraly aga ! The post Meşhur dissident şahyr, türkmeniň “Wysoskisi” Şiraly Nurmyradowy ýatlap… (Merhum şahyr Şiralynyň ýagty ýadygärligine) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2022: tapawutlanan futbolçylaryň sany 20-den geçdi