Türkmenistanda birnäçe täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Türkmenistanda birnäçe täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň käbir pudaklarynyň we ministrlikleriniň wezipelerine täze ýolbaşçylary belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany işde goýberen kemçilikleri üçin, Rejepmyradow Hajymuhammet Saparmuhammedowiçi Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu wezipä Annageldi Baýramdurdyýewiç Saparowy belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Döwrangeldi Işangulyýewiç Sapbaýew bellenildi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Çaryýew Begenç Şadurdyýewiç, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatow bellenilip, ol Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary, podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowyň üstüne ýüklenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Agamyradow Gulmyrat Nurmyradowiç, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy we bu wezipä Allaberdi Orazmämmedowiç Saparow bellenildi. Bu wezipä bellenilmezden ozal Allaberdi Saparow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesinden işleýärdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Mergen Meretdurdyýewiç Gurdowy Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda çykaran 7/2-nji kararyny tassyklady.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Daşoguz, Balkan, Ahal, we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň wezipelerine täze ýolbaşçylary belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä belledi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda