Meşhur suratkeşiň eserleri satyldy

Meşhur amerikan suratkeşi Robert (Bob) Rossuň kartinalary auksion arkaly satuwa çykaryldy.Sungat eserleri ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçirilen auksionda garaşylandan has ýokary bahadan satyldy.Ross 1990-njy ýyllarda telewizorda göni ýaýlym arkaly surat çekmegi bilen köpleriň söýgüsini gazandy.

Belki şu ýerde kiçijik şadyýan agaç bardyr sözi bilen adamlaryň ýadynda galan Rossuň eserlerini Bonhams auksion öýi satuwa çykardy.

Tomaşaçylara tölegsiz ýaýlym hödürleýän teleýaýlymlara goldaw bermek maksady bilen geçirilen auksionda üç kartina jemi 600 müň amerikan dollaryndan gymmada satyldy. 1993-nji ýylda The Joy of Painting gepleşiginde çekilen Winter’s Peace (Gyşyň asudalygy) atly kartina 318 müň amerikan dollaryna satyldy. Şol ýyl çekilen Home in the Valley (Jülgedäki öý) atly eseri 229 müň, Cliffside (Kert gaýa) atly eser 114 müň 800 amerikan dollaryna satyldy.

Yhlas Kömekow,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Äpet kanonlar tapyldy
Transfer habarlary
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Lebapda we Daşoguzda Internet üpjünçiligi ýene ýaramazlaşdy, Starlink’ ulanýanlar peýda bolýar
Diňle: Lebapda we Daşoguzda Internet üpjünçiligi ýene ýaramazlaşdy, Starlink’ ulanýanlar peýda bolýar
Ahalda döwlet kärhanasynyň sürüjilerinden saglyga seredilmeýän’ medisina barlagyndan geçmek talap edilýär