Meşhur topar 3-nji liga düşdi

Angliýanyň 2-nji ligasy “EFL Championship”-de çykyş edýän “Derbi Kaunti” kluby täze möwsümi 3-nji ligada geçirer.Meşhur futbolçy Weýn Runiniň tälimçiligindäki klub 43-nji tapgyrda “Kuins Park Reýnjers” toparyndan 1-0 asgyn geldi. Ýeke-täk goly 88-nji minutda Amos öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňlişden soň möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, 21-nji orundaky “Reding” bilen utuk aratapawudyny 10-a çykaran “Derbi Kaunti” 3-nji liga düşdi.Topar soňky gezek 1986-njy ýylda 3-nji ligada çykyş edipdi.

Başgaça aýdylanda, “Derbi Kaunti” 36 ýyldan soň 3-nji liga dolandy.

“Derbi Kaunti” topary soňky ýyllarda maliýe babatda-da kynçylyk çekýän toparlaryň biridi.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Ýunaýted” “Çelsiniň” ýyldyzyny transfer etdi
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Türkmenistan: Sport bu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 15 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi
GEZEGEN FUTBOLÇYLAR