Messi Ispaniýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy

Messi Ispaniýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy

“Barselonanyň” kapitany we hüjümçisi Lionel Messi 2020/21-möwsüminiň Ispaniýa çempionatynda iň gowy bombardir boldy diýip, www.rusfootball.info habar berýär. 33 ýaşly argentinaly oýunçy La Liganyň geçen ýaryşynda 35 oýunda 30 pökgini tora girizdi. Belläp geçsek, Messi yzygider bäşinji gezek Ispaniýa çempionatynda iň gowy bombardir bolýar.

Bu görkeziji boýunça ikinji orny Madridiň “Realynyň” oýunçysy Karim Benzema we “Wilýarrealyň” hüjümçisi Žerar Moreno eýeledi.Olaryň hasabynda 23 gol bar.Bombardirleriň sanawynda üçünji orun “Atletikonyň” oýunçysy Luis Suaresa degişli boldy.

Onuň hasabynda 21 gol bar. “Seltanyň” hüjümçisi Ýago Aspas 13 netijeli geçirimi bilen möwsümiň ahyrynda iň gowy assistent boldy.Ikinji orny Messi bilen “Atletikodan” Markos Lorente paýlaşdy olaryň hersinde 11 geçirim bar. Üçünji orny Ýannik-Ferreýra Karrasko (“Atletiko”), Toni Kroos (“Real”) we Horhe de Frutos (“Lewante”) eýeledi 10 geçirim.

Ýene degişli makalalar

Sport täzelikleri
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
“La Ligada” çempion Madridden, “Barselonanyň” çempionlyk mümkinçiligi galmady
“Barça” “Real Sosiedady” parçalady, Messiniň taryhy rekordy
Messiniň 400-nji goly
Ronaldonyň rekordyny täzeledi