Messi karýerasynda 7-nji gezek La Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

Messi karýerasynda 7-nji gezek La Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

"Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi duşenbe güni her ýyl "Marca" neşiri tarapyndan möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysyna gowşurylýan “Piçiçi” kubogyny aldy. Bu barada sport24.ru habar berýär.

33 ýaşly argentinaly oýunçynyň bu kubogy aljakdygy eýýäm iýul aýynyň ahyrynda mälim bolupdy. 2019/20 möwsüminde ol 33 oýunda 25 gezek garşydaşlaryň derwezesine gol geçirdi.Hüjümçi “Piçiçi” kubogyny karýerasynda 7-nji gezek alýar.

Ol mundan ozal bu baýraga 2010, 2012, 2013, 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda mynasyp bolupdy. Ýeri gelende bellesek, baýrak Bilbaonyň "Atletik" klubunyň “Piçiçi” lakamly oýunçysy Rafael Moreno Aransandiniň adyny göterýär.

Messi "Piçiçi" kuboklaryny gazanmagyň sany boýunça rekord eýesi bolup durýar. Ikinji ýerde baýraga alty gezek eýe bolan Telmo Sarra ýerleşýär. Ugo Sançes, Alfredo Di Stefano we Kini - bularyň hersi bäş gezek baýragy aldy. Ferens Puşkaş kuboga dört, Kriştianu Ronaldu bolsa üç gezek bu baýraga mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
Caspy Creative: täsirli brendler we dizaýn dünýäsine ýol görkezijiňiz
Sarahs etrabynda gowaça ekişi tamamlanýar
Gündogaryň beýik akyldary
Azerbaýjan ýylyň başyndan bäri Eýranyň üsti bilen türkmen gazynyň importyny 2,4% ýokarlandyrdy