Metbugat: Türkmenistan Owganystanyň üstünden Pakistana gaz iberýär

Metbugat: Türkmenistan Owganystanyň üstünden Pakistana gaz iberýär

Türkmenistan Owganystanyň üstünden Pakistana suwuklandyrylan gaz eksportyny edip başlady diýip, "Caspian News" neşiri habar berýär. Emma habarda eksport edilýän gazyň bahasy barada maglumat berilmeýär.

"Türkmenistandan Pakistana Owganystanyň üsti bilen iberilen suwuklandyrylan gaz ýükleri ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm ädim boldy" diýip, Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Muhammad Ýunus Mohmand Şurandumda, Kandahar sebitinde geçirilen resmi dabarada aýtdy diýip, owgan metbugaty habar berýär.

Onuň düşündirmegine görä, gaz ozal Pakistana Eýranyň üsti bilen geçirilipdir we, “Talyban” toparynyň häkimiýet başyna gaýtadan gelmegi netijesinde, Owganystan uly eksport üçin “ygtybarly tranzit geçelgesine” öwrüldi.

Türkmenistandan Kandagara gelen we Spin Boldak gury ýer porty arkaly Pakistana iberilen 50 tanker gazy (her tankerde 30 tonna gaz ýerleşýär) eksport etmek işi “Yasser Basir” atly halkara firmasy tarapyndan başlandy diýip, habarda aýdylýar.

Kandahar gümrük gullugynyň resmileriniň maglumatyna görä, soňky bir ýylda Owganystanda Merkezi Aziýadan ýük getirmek işleri ep-esli ýokarlandy. 2021-nji ýylda Owganystanyň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna jemi 22,891 ýük konteýneri iberildi. Bu san 2022-nji ýylda 53,679 ýük konteýnerine çenli artdyryldy.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Owganystanyň üstünden Pakistana, Hindistana çekjek bolýan gaz turbasynyň haçan işe başlajagy, aslynda guruljakdygy hem belli däl.

Şu aralykda, owgan resmileriniň türkmen gazynyň ýük maşynlary arkaly Owganystandan Pakistana iberilmegi “üstünlikli eksport” çäresi bolup görünýär.

Emma muňa garamazdan, "Hronika Türkmenistan" neşiriniň bellemegine gňrä, Türkmen metbugaty Pakistana eksport edilýän gaz barada maglumat bermedi.

1,830 kilometr aralyga çekilmeli TOPH geçirijisi gurulsa, Türkmenistan özüniň “Galkynyş” gaz ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Fazilka şäherine ýylda 33 milliard kub metre çenli gaz ibermeli.

Emma synçylar bu taslamanyň öňünde duran esasy kynçylyklaryň howpsuzlyk we maliýe serişdeleri bilen baglydygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Türkmenistanda Pakistanyň täze ilçisi işe başlady
Hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Gazada ýene-de bir metbugat işgäri öldürildi
Terrorçy Ýunus Demir Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär