Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynyn günortasynda ýerleşýän Refah şäherine guran hüjümlerinde azyndan 14 palestinaly ýogaldy.

Palestiniň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýyl, Refahyň demirgazygynda ýerleşýän An Nasr etrapçasy bilen Al Jenin etrapçasynda asuda ilatyň ýaşaýan öýlerini nyşana aldy.

Hüjümlerde Nasrda azyndan 11, Jeninde hem 3 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, Han Ýunusyň gündogarynda öýlerini terk eden palestinalylaryň bolýan mekdebine hüjüm gurady.

Mekdepde bolan ýangynda ýogalanlar hakynda maglumat berilmedi.

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 27 müň 947 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Gazany Çaga Gonamçylygy Hökmünde Häsýetlendirdik
TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda Ependi hakynda çeper film surata düşüriler
Nasreddin Hoja Festiwaly