Microsoft koronawirus sebäpli işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyny yza süýşürýär

Microsoft koronawirus sebäpli işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyny yza süýşürýär

Microsoft amerikan korporasiýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Satýa Nadella bilen LinkedIn kompaniýasyndan kärdeşi Raýan Roslanski koronawirusyň delta ştamynyň işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyna ýetirýän täsiri barada gürrüňdeşlik geçirdi. Microsoft-yň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizine görä, bu kompaniýa pandemiýa sebäpli işgärleriniň işini ýüzbe-ýüz görnüşde dikeltmegi näbelli möhlet bilen yza süýşürdi. Bu barada www.belta.by habar berýär.

4-nji oktýabr Microsoft-yň Redmonddaky ştab-kwartirasynyň we ABŞ-da beýleki köp iş orunlarynyň doly açylmagy üçin ilkinji mümkin bolan sene diýlip bellenilipdi, ýöne meýilnamalar üýtgedi. COVID-19 bilen baglanyşykly näbellilikleri göz öňünde tutup, ABŞ-da iş orunlarynyň doly açylmagy üçin täze senäni çaklamazlyk kararyna gelindi.

Işgärleriň ýüzbe-ýüz görnüşde işe “jemgyýetçilik saglygy goraýyş maslahatlaryndan ugur alyp, muny etmek howpsuz bolan ýagdaýynda” gaýdyp barmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Microsoft işgärlere ofisdäki işe öwrenişmek üçin wagt berjek we işe çeýe çemeleşmäge mümkinçilik berjek 30 günlük geçiş döwrüni yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Maskyň täze kompaniýasy
TBM-niň Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli we pensiýadaky raýatlary tölegsiz okuwlara çagyrýar
Girdejileri köpeldi
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
Gaýtadan işlenen materiallar has köp ulanylýar
KiberOne okuwçylary programmirlemäniň we kompýuter oýunlaryny düzmegiň esaslaryny özleşdirmäge çagyrýar
Uly girdeji gazandy