Ilon Maskyň täze kompaniýasy

Amerikan işewüri Ilon Mask emeli aň bilen baglanyşykly islendik meseleleri çözmäge niýetlenen täze kompaniýanyň esaslandyrylandygyny mälim etdi.

-Hakykata düşünmek üçin “xAI” kompaniýasynyň döredilendigini tassyklaýaryn diýip Ilon Mask aýtdy.

Mundan başga-da “x.ai” web sahypasy döredildi. Kompaniýada “Google”-yň, “Microsoft”-yň we beýleki tehnologik kompaniýalaryň öňki işgärleriniň işlejekdigi habar berilýär. Şeýle hem, Mask özüniň we toparynyň 14-nji iýulda “Twitter Spaces” ýaýlymy arkaly täze kompaniýa baradaky sowallara jogap berjekdigini aýtdy.

Ýylyň başynda Mask Newada ştatynda “xAI” kompaniýasyny bellige aldyrypdy, ýöne şondan bäri onuň işe başlap-başlamandygy barada maglumat ýokdy. Mask emeli aň babatda ony bir wagtyň özünde hem geljegi uly, hem howply tehnologiýa diýip tekrarlady.

Ýene degişli makalalar

Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
1000-den gowrak uçary internete birikdirdi
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Tramp wezipelere belledi
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy