Migel Dias-Kanel Kubanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

20-nji aprelde Kubanyň häzirki Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Gawanadaky konwensiýa köşgünde geçirilen parlamentiň maslahatynda täze bäş ýyllyk möhlete saýlandy.

-Hökümet milli azyk önümçiliginiň ýokarlanmagyna we ýurda walýutanyň akymynyň artmagyna ünsüni jemlemeli, şeýle hem döwlet sosialistik kärhanalarynyň işini gowulandyrmaly- diýip, ol ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

M. Dias-Kanel öz çykyşynda inflýasiýa garşy göreş we daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmek Kuba ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýtdy.

Şeýle hem Kubanyň deputatlary tarapyndan Salwador Waldes ýurduň wise-prezidenti, Esteban Lasony bolsa, Kuba Halk häkimiýetiniň Milli assambleýasynyň başlygy /ANV/ wezipesine saýlandy.

Prezidentiň teklibi bilen Manuel Marrero Kubanyň Premýer-ministri wezipesine bellendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Kubadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Serdar Berdimuhamedow Kubanyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi