“Milan” topary “Çelsiniň” fransiýaly hüjümçisini transfer etdi

Italiýanyň Milan topary Çelsiniň fransiýaly hüjümçisi Oliwie Žiruny düzümine goşdy. Italýan kluby 34 ýaşly hüjümçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Londondaky 9 ýyllyk başdangeçirmesi tamamlanan Žiru Milandan her ýyly üçin 4 million ýewro hak alar. Ol Milanda 9-njy belgili köýnekçäni geýer.

Futbol karýerasyna Grenoblda başlan Žiru Istres, Tours, Monpelie, Arsenal hem-de Çelsi klublarynda oýnady. Ol klublarda 583 oýunda 235 gezek tapawutlandy. Milli ýygyndyda 110 oýunda 46 gol geçiren Žiru bu ugurda Anriden soň 2-nji ýerde barýar.

Ýene degişli makalalar

Žiru Anriniň rekordyna golaýlady
Çempion galan ýerinden dowam edýär we Žirunyň rekordlary
Daşary ýurt metbugatyna syn
Azerbaýjanly küşt ussady Kasparowdan üstün çykdy
Çempionatyň goly saýlandy
Ekwadorlylaryň taryhdaky ikinji Olimpiýa çempionlygy