Dubaýda plastik çüýşe ulanylyşyny azaltmak üçin suw doldurulýan nokatlar işe girizildi

Dubaýda durnukly gelejegi üpjün etmek maksady bilen “Dubai Can” taslamasy durmuşa geçirilýär.Taslama şäherdäki plastik gaplaryň ulanylyşyny azaltmak maksady bilen taýýarlany.Taslamanyň çäklerinde şäheriň çäginde 40 sany arassa suw guýup alyp bolýan nokat döredildi. Şäheriň durnukly syýahatçylyk (Dubai Sustainable Tourism) edarasynyň başlygynyň orunbasary Ýusuf Luta taslamanyň fewral aýynda durmuşa geçirilip başlanandygyny, başlangyjyň uly goldaw tapandygyny, geljekde plastik torbalaryň ulanylyşynyň gadagan edilmegi üçin işleýändiklerini, iki ýylyň içinde plastik torbalaryň dolulygyna gadan edilip bilinjekdigini mälim etdi.

Bu taslama döwlete degişli hem-de hususy pudakdan 500-den gowrak kompaniýa goldaw berýär. Olaryň köpüsi suw guýup bolýan nokatlary bilen hemaýatkärlik edýär.

Maglumatlara görä, Birleşen Arap Emirliklerinde bir ýylda 4 milliard plastik çüýşe ulanyldy, olaryň 40 göterimini bir gezek ulanmaga niýetlenilen çüýşeler emele getirýär.

“Dubai Can” taslamasynyň çäklerinde howadan içimlik suw öndürýän tehnologiýadan hem peýdalanylýar. Şeýle hem ulanylan plastmassa zyňyndylary gaýtadan peýdalanylyp, olardan süýüm alynýar.

Guwanç Hallyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Ýurdumyzda giň möçberli maslahat hem-de sergi geçirilýär
Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
Aşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady