Milli Geňeşiň Halk Maslahaty Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihalk ýygnagyna wideoýüzlenme ugratdy

Milli Geňeşiň Halk Maslahaty Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihalk ýygnagyna wideoýüzlenme ugratdy

Türkmensitanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihalk ýygnagynyň guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň wekilleriniň sanly ulgam arkaly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adyndan hem wideoýüzlenme ugradyldy.

Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Türkmensitanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Liderine hasabat berdi.

Döwlet Baştutany kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp nahal ekildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy