Milli Howpsuzlyk gullugy DAIŞ-iň jogapkär ýolbaşçylaryndan Abdullah al Jündini Siriýada tussag etdi

Milli Howpsuzlyk gullugy DAIŞ-iň jogapkär ýolbaşçylaryndan Abdullah al Jündini Siriýada tussag etdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy (MHG) Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahasy operasiýasy sebitindäki türk howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan terror guramasy DAIŞ-iň jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan Abdullah al Jündini Siriýanyň Halap welaýatynda tussag etdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä MHG terror guramasy DAIŞ-iň jogapkärleriniň biri bolan "Hattab al Muhajir" adyny ulanýan Abdullah al Jündiniň Siriýadaky türk howpsuzlyk güýçlerine degişli ulaglara hüjüm guramak islýändigini anyklady.

Terrorçy Al Jündi Milli Howpsuzlyk gullugy we Siriýanyň Milli goşunyna degişli ýerli howpsuzlyk güýçleriniň Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitinde geçiren operasiýasynda diri ýagdaýda ele salyndy.

Al Jündi beren beýanatynda DAIŞ-iň Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahasy operasiýasy sebitindäki türk howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigini boýun aldy.

Terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň wagtal-wagtal gözegçilik işlerini geçirýändigini aýdan Al Jündi, hüjüm guramak üçin taýar ýagdaýda garaşdyrylýan terrorçylar barada maglumat berdi.

Geçirilen operasiýa bilen DAIŞ-iň aksiýa meýilnamasynyň çözülendigi, guramanyň işleriniň puja çykarylandygy we gurama degişli köp sanda sanly materailyň ele salynandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Içeri işler ministri Diýarbakyrda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
PKK/ÝPG-li 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi